Akon Türkmenistandaky ikinji köpçülikleýin konsertinde çykyş etdi, Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi, türkmen modelýerleri Ýakutskda geçirilen etniki moda festiwalyna gatnaşdylar we beýleki habarlar

10:2430.06.2022
0
15356

1. Amerikan aýdymçy Akon we şwed sazanda Dr. Alban hepdäniň dowamynda ikinji gezek türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler. Konsert Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Hip-hop ýyldyzlarynyň çykyşlaryny görmek üçin Türkmenistanyň müňlerçe ýaşaýjylary geldiler. Giriş hemmeler üçin tölegsiz boldy.

2. Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Sammitiň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler we bilelikdäki Beýanaty kabul etdiler.

3.Türkmenistanly modelýerler Ýakutskda geçirilen etniki moda festiwalyna gatnaşdylar, bu ýerde Gruziýanyň, Mongoliýanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň sebitleriniň geýimleri görkezildi.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ilkinji magistrleriň gutardyşy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Diplomatiýanyň ýokary mekdebi 31 sany magistr taýýarlady, olar «Halkara jemagat hukugy», «Halkara hususy hukugy» we «Sanly diplomatiýa» ugurlary boýunça bilim aldylar.

5. 17-nji iýulda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur multfilmlerden simfoniki sazlar ýaňlanar.

6. Diwarlary reňklemelimi ýa-da olara oboý ýelmemelimi? Size hödürlenýän makalada bu usullaryň her biriniň oňyn we oňyn däl taraplary beýan edilýär.

7. Kaliforniýada her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen adary däl bäsleşikde dünýäniň iň betnyşan iti saýlanyldy. Bu ýylda Jenap Bagtly ýüz lakamly kekeçli hytaý iti ýeňiji hökmünde saýlanyldy. Ýeňijä $1 500 amerikan dollary möçberinde pul baýragy berildi.

8. 29-njy iýun gijesi Ýaponiýanyň Honsýu adasynyň birnäçe etraplarynyň üstünde meteorit uçup geçdi. Asman jisimi NHK teleýaýlymynyň stasionar kameralary tarapyndan surata düşürildi. Şaýatlaryň bellemeklerine görä, asmandan «otly şar» uçup geçdi, soňra bolsa partlamanyňka meňzeş ses eşidildi.

9. 23 ýaşly türkmenistanly halkara küşt ussady Saparmyrat Atabaýew Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen «Çeşme Open» halkara küşt bäsleşiginde ýeňiji boldy.
Bäsleşige 9 ýurtdan 48 sany küştçi gatnaşdy. Olaryň bäşisi – halkara grossmeýster, üçüsi halkara küşt ussady we on bäşisi FIDE ussady

10.Türkmenistanly sürüji türgenler «Ýüpek ýoly – 2022» ralli-reýde gatnaşmaga taýýarlyk görýärler. Ýaryşa 80 sany toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. «Pýotryň ýollary bilen» şygary astynda geçiriljek bäsleşige 9 sany motosiklleriň we ýük ulaglarynyň, 25 sany ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply ulaglaryň (wnedorožnik) , 14 sany motowezdehodlaryň, 3 sany kwadrosiklleriň we 20 sany höwesjeň toparlaryň gatnaşjakdygy bellenilýär.

Ralli bäsleşigine 7-nji iýunda Astrahanda dabaraly ýagdaýda badalga berler, 16-njy iýunda bolsa Moskwada tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň