Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Diwar üçin niýetlenen boýaglaryň we oboýlaryň peýdaly we kemçilikli taraplary

0
42363

Biziň her birimizde otagy abatlamaga başlamazdan ozal bir sorag ýüze çykýar — diwarlary boýasak gowumy ýa-da oboý ýelimlesek gowy bolarmy? Bu ýagdaýda ilki bilen ähli çykdajylar we harajatlar, mümkinçilikler barada oýlanylýar. Bu usullaryň hersiniň oňyn we kemçilikli taraplary bar.

Diwarlary boýamak. Häzirki döwürde ýaşaýyş jaýlary üçin diwarlary boýamakda çagalygymyzdaky ýiti, käte çydap bolmajak ysy bolan alkid emallar ulanylmaýar, ýöne häzirki zaman, ekologiýa taýdan arassa, boýagyň biraz ysy bilen çalt guradylýan boýaglar giňden peýdalanylýar. Ilki bilen, bular suw esasly boýaglar bolup, olar köplenç çyglylygy pes bolan ýaşaýyş ýerlerinde diwarlary we potoloklary boýamak üçin ulanylýar. Şeýle reňk berijiler iň amatly çözgüt hasaplansa-da, çyglylyga o diýen bir çydamly bolmaýar, ýöne olary ulanmak aňsat hem-de dürli reňklere eýedir.

Içerki şertler üçin niýetlenen akril boýaglary suwdan goraýjy, ýagty gün şöhlesine çydamly we demiriň poslamagyndan goraýan aýratynlyga eýedir. Olaryň esasy kemçiligi bolsa bahasynyň gymmatlygydyr.

Silikon we lateks düzümleri häsiýeti boýunça akrile çalymdaşdyr. Olar diwaryň büdür-südür ýerlerini oňat örtýär, çalt guraýar, ulanmak aňsat hem-de çyglylyga durnuklydyr. Şeýle-de olary çyg süpürgiç bilen ýuwup bolýar.

Diwarlary ýokarda agzalan boýaglaryň islendik görnüşi bilen örtmegiň esasy artykmaçlygy — öwüşginleri garyşdyrmak arkaly islän reňkiňi saýlap bolýanlygydyr. Şeýle örtük gaty çydamly, üstesine-de, diwara zeper ýeten ýagdaýynda ony tiz düzedip bilersiňiz.

Bu hili örtükleriň köp görnüşini ýuwup bolýar, şonuň üçinem olar ýokary çyglylygy bolan otaglarda — aşhanalarda, hammamlarda we ş.m. ýerlerde ulanylýar.

Boýag bilen örtmegiň kemçilikleri bu işiň wagt we serişde taýdan gaty gymmatdygyna bagly bolup biler. Boýaglar diňe ýokary derejede tekiz bolan ýerlerde ulanylmalydyr. Islendik büdür-südür ýer, diwarlaryň egri bolmagy, çişmegi ýa-da onda kiçi oýuklaryň döremegi boýaga örän täsirini ýetirýär. Şonuň üçin diwary boýaga taýýarlamak köp wagty alýar. Mundan başga-da, täze jaýlary 2-3 ýyl ýaşalandan soň boýamak maslahat berilmeýär. Sebäbi jaý bu döwürde dürli hili kemçilikleri ýüze çykaryp bilýär we boýagda ajaýyp görünjek diwar ýarylmalary peýda bolup bilýär.

Diwarlaryň oboýlaryny saýlamagyň hem örän köp görnüşleri bardyr. Ýönekeý kagyzdan başga-da, winil, dokalan we süýümli aýna ýaly meşhur görnüşler bar. Nagyşlaryň örän köp görnüşleriniň kömegi bilen minimalizmden barokka çenli islendik stilde interýer döredip bilersiňiz.

Diwarlaryň kagyz oboýlarynyň esasy artykmaçlygy — olaryň bahasy, şeýle hem dem alyş we daşky gurşaw taýdan arassalygydyr. Emma olar gaty gowşak we çyglylyga çydamsyzdyr, şeýle-de bu oboýlary ýuwup bolmaýar, üstesine-de, başda diwarda tegmiller bar bolsa, oboý örtüginden görnüp biler. Flizelin diwar oboýlarynyň hem şu hili kemçilikleri bolup, olar kagyz bilen deňeşdirilende diwardan ýeňillik bilen goparylýar we özüne sesleri gowy siňdirýär.

Winil diwar oboýy hem çydamly we ýagty gün şöhlesine garşylygy bilen tapawutlanýar. Olar diwaryň näsazlyklaryny birkemsiz gizleýär, ýöne ýanan mahalynda zäherli maddalary çykarýarlar. Bu oboýlary ýuwup bolýar. Iň çyglylyga çydamly diwar kagyzlary süýümli aýnadan ýasalýar we olar hatda gaty gubka bilen hem ýuwulyp bilner. Şonuň üçin bu oboýlar hammamlar we aşhanalar üçin ajaýyp çözgütdir. Olaryň hyzmat ediş möhleti 30 ýyla çenli kepillendirilýär.

Islendik diwar oboýlarynyň artykmaçlygy olary ýelmemezden ozal diwary birkemsiz tekizlemegiň zerur däldigi bolup durýar, sebäbi olaryň her biri, aýratynam nagyşlanan diwar oboýy ownuk bölekleri we tekiz däl ýerleri ýerlikli gizläp bilýär. Täze jaýlarda oboý ýelimlemezden ozal geçirilýän abatlaýyş işlerinde diwarlarda näsazlyklar ýüze çyksa-da, olar oboýyň aşagyndan görünmeýär, sebäbi diwar kagyzy maýyşgak häsiýete eýedir. Diwar oboýlarynyň dürli nagyşlary otaglarda rahatlygy we ýakymly atmosferany döredýär.

Diwar oboýlarynyň kemçiligi — olaryň ählisiniň diýen ýaly uzagyndan 10 ýyla çenli (süýümli aýna oboýyndan başga) gaty gysga möhlete hyzmat edýändigi. Oboýlar fiziki täsire durnuksyzdyr, şol sebäpden hem kiçi çagalar ýa-da haýwanlar oboý ýelimlenen diwarlary tiz zaýalap bilerler, esasanam diwarlaryň burçlary çalt ýyrtylyp ýa-da çyzylyp biler. Şeýle-de diwar oboýlarynyň hemmesi çyglylyga çydamly däldir.

Örtügiň iki görnüşini birleşdirmegiň bir usuly bar — diwar oboýyny “boýamak üçin” alyň we islän reňkiňize boýaň. Bu usul örtükleriň iki görnüşiniň hem artykmaçlyklaryny birleşdirýär. Bu diwar oboýlaryndaky relýef diwaryň gurluşyny, boýag örtügi bolsa çydamlylygyny ýokarlandyryp biler. Bu usulyň kemçilikleri adaty diwar oboýyny ýelimlemek bilen deňdir.

Netijede diwary örtmek usullarynyň haýsysynyň has gowudygyny ýa-da ýerliksizdigini anyk aýdyp bolmaz. Her kim öz isleglerine, maddy üpjünçilik mümkinçiliklerine, deslapky isleglerine we jaýyň iş şertlerine esaslanyp diwar örtmek işlerini özüçe saýlap biler. Usullaryň hersiniň artykmaçlyklary we kemçilikleri bar, netijede bolsa diňe olaryň arasynda deňagramlylygy saklamak galýar.

“Ak gaýa” dükanlarynda diwar boýaglarynyň (suw esasly, silikon, içki we daşarky diwarlar üçin, ýokary çyglylykly otaglar üçin), şeýle hem dürli diwar oboýlarynyň we diwar ýelimleriniň görnüşleri alyjylara hödürlenilýär. Tejribeli satyjylar her bir alyjy üçin haýsy diwar oboýynyň ýa-da boýagyň has gowy boljakdygyny maslahat berýärler.
 

Peýdalanylan çeşmeler: ivd.ru; zen.yandex.ru; idei.club.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar