Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly awtosportçular «Ýüpek ýoly ― 2022» ralli-reýdine gatnaşarlar

16:3129.06.2022
0
5786

Rsport.ria.ru-nyň habar berşi ýaly, ýaryşa 80 toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. Badalgadan motosiklleriň we ýük ulaglarynyň 9-sy, ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň 25-si, motowezdehodlaryň 14-si, kwadrasiklleriň 3-si we höwesjeňleriň ulaglarynyň 20-si ugrar.

Ralli-reýde türkmenistanly sürüjilerden başga-da, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Ysraýyldan, Italiýadan, Gazagystandan, Kiprden, Hytaýdan, Liwandan, Täze Zelandiýadan, Meksikadan, Mongoliýadan, Russiýadan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Fransiýadan, Çehiýadan we Şweýsariýadan toparlar gatnaşar.

Ýaryşa 7-nji iýulda Astrahan şäherinden badalga berler, 16-njy iýulda bolsa Moskwada tamamlanar. Ýaryş Russiýanyň 11 sebitiniň üstünden geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň