Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Türkiýä amala aşyryljak uçar gatnawlarynyň senesi mälim edildi, Aşgabat-Ahal welaýaty ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy, Änewde täze metjidiň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar

10:3127.06.2022
0
32939
Türkmenistandan Türkiýä amala aşyryljak uçar gatnawlarynyň senesi mälim edildi, Aşgabat-Ahal welaýaty ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy, Änewde täze metjidiň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar

1. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul – Aşgabat – Stambul ugry boýunça 27-nji, 30-njy iýun we 3-nji iýulda üç ýolagçy uçar gatnawyny amala aşyrar.

2. 27-29-njy iýun aralygynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda daşary ýurtly ýyldyzlaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk konsertleri guralar. Bellenen ýere barmak üçin Aşgabat Awtokombinatynyň 72-nji belgili şäherara awtobusyndan peýdalanyp bilersiňiz.

3. Germaniýaly çaga ortopedi Winsent Frimberger türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde näsaglary kabul edýär.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan başlap Dubaý şäherine howa gatnawlarynyň ýygylygyny hepdede iki gezege çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar duşenbe we anna günleri Aşgabatdan amala aşyrylar, uçarlar yzyna gelende Türkmenabadyň howa menziline gonarlar.

5. «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy «Çeleken» şertnamalaýyn zolakda Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek işlerini çaltlandyrar. Ýakyn wagtda «Türkmennebit» Döwlet konserni bilen degişli şertnama gol çekmek meýilleşdirilýar.

6. Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 500 adama niýetlenen täze metjidiň düýbi tutuldy. Metjit 6 gektar meýdany eýelemek bilen, onuň golaýynda sadaka jaýy hem gurlar.

7. Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika etraplarynda bolup geçen heläkçilikli ýertitremede ejir çekenler üçin Kabul şäherine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi gelip gowuşdy. Uçar bilen 24 tonnadan gowrak ýük, şol sanda azyk önümleri, dermanlar, arassaçylyk serişdeleri we zerur hojalyk harytlary iberildi.

8. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary iýul aýyndan başlap, Aşgabat – Kerki we Kerki-Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlaryny her gün amala aşyrarlar. Uçuş takmynan bir sagat dowam edýär. Petegiň bahasy – 163 manat.

9. Özbegistanda prezidentlik möhletini uzaltmagy teklip etdiler. Özbegistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgeşme prezidentlik möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýar. Konstitusion üýtgeşmeleriň degişli taslamasy Oliý Majlisiň Kanun çykaryjy palatasynyň birinji çagyrylyşynda makullanyldy. Resminama 5-nji iýulda jemgyýetçilik tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar.

10. Ýaponiýaly inženerler suw joşgunyndan goragly jaýyň synag taslamasyny hödürlediler. Binada geçirilen barlaglaryň dowamynda suw joşguny ýaly ýagdaý döredildi. Jaýyň daş-töwereginde suwuň derejesi ýokary galyp başlan wagty bina ýerden biraz ýokary göterilip, onuň üstünde gaýýan ýaly ýagdaýda bolýar.

11. 27-nji iýunda Merkezi zolakda AFK Kubogy-2022 çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlaw duşuşyklary başlanýar. Türkmen toparlarynyň Gyrgyzystanyň wekillerine garşy duşuşyklary sagat 19:00-da başlanýar. «Altyn asyr» «Nebitçi» bilen duşuşar, «Köpetdag» bolsa «Dordoý» bilen güýç synanyşar.

12. Wolgogradda alymlaryň we IT-hünärmenleriniň bilelikdaki yhlasy bilen körlere we şowakörlere niýetlenen dünýäde ilkinji gandbol oýnamak üçin sport meýdançasy döredildi. Özboluşly sport meýdançasy we oýunçylaryň köýnekçeleri elektro-tolkunlary tutup bilýän ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň