Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdan Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasyna wagtlaýyn awtobus gatnawy ýola goýlar

12:4926.06.2022
2
36707

Awtokombinatdan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasyna çenli wagtlaýyn 72-nji belgili awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Habarda «Türkmeniň ak öýi» binasynda türkmen we daşary ýurtly tanymal aýdymçylaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleriniň geçirilýän günlerinde, bu baýramçylyk konsertlerine gatnaşýanlaryň bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2022-nji ýylyň 27-29-njy iýuny aralygynda 72-nji «Awtokombinat – «Türkmeniň ak öýi» binasy» awtobus ugrunyň ýola goýulýandygyny habar berýäris» diýlip bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň