Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanda hususy awtoulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýyrdylar, TDMG-niň harby gullukçylaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi, Kataryň ilçihanasy 3 sany awtoulagy satuwa çykardy we beýleki habarlar

10:2926.06.2022
0
26349

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri şahsy awtoulaglaryň sürüjilerine ulag dolandyrylan mahalynda agyz-burun örtüklerini aýyrmalydygyny habar berdi.

2. Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasy awtoulaglara satuwa çykarýandygyny mälim etdi. Satuwa çykarylan awtoulaglaryň hatarynda 2016-njy ýylyň Mercedes–Benz awtoulagy, 2014-nji ýylda öndürilen BMW 730LI hem-de 2018-nji ýylda öndürilen Volkswagen Caravelle awtoulagy bar.

3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen we hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen ýaş harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakmak dabarasy geçirildi.

4. Kambojanyň Mekong derýasyndan dünýäde häzire çenli tutulan balyklardan süýji suwda ýaşaýan iň uly balyk tutuldy. Bu balyk 300 kilogram agramly äpet skat balygydyr. Äpet balyk tutulandan soň, onuň agramy çekilip, ýene-de yzyna derýa goýberilipdir.

5. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin VI Hazar sammitine gelip gatnaşar. Hazar deňzine çykalgasy bolan döwletleriň Baştutanlarynyň bu forumy 29-njy iýunda Aşgabatda bolar.

6. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär. Aşgabatdan «Domodedowo» howa menziline boljak bu gatnawlaryň ilkinjisi 5-nji iýulda amala aşyrylar. Gatnawlar sişenbe hem-de penşenbe günleri — hepdede iki gezek ýola goýlar. Gatnawyň bir tarapynyň peteginiň bahasy 8030 manada deňdir.

7. «Kuruluş: Osman» atly meşhur türk serialynda ajaýyp aktrisalaryň biri hökmünde türkmenistanly Gözel Rawşanowa çykyş edýär. Gözel bu meşhur seriala ikinji tapgyrdan bäri gatnaşyp gelýär. Ol filmde baş gahrymanyň aýaly Malhun hatynyň kenizi Alaja hatynyň keşbini ýerine ýetirýär.

8. Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Pawlodar şäherinden Tährana ilkinji ýük otlusy geçdi. Kükürt ýüklenen 48 konteýnerden ybarat bolan synag-barlag otlusy Türkmenistanyň çäginden birnäçe günüň dowamynda geçdi.

9. 2-nji iýulda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ilkinji gezek «Go Viral 2022» innowasion festiwaly geçiriler. Bu giň gerimli çärä media, işewürlik, medeniýet hem-de tehnologiýa pudagynda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşar. Festiwal 13:00-da başlanar we onuň girişi tölegsizdir.

10. Türkmenistanyň pasporty 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde Şweýsariýanyň Henley & Partners konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilen dünýä reýtinginde 92-nji orny eýeledi. Reýting şahsyýet resminamasynyň eýesiniň näçe ýurda wizasyz ýa-da ýönekeýleşdirilen görnüşde wiza alyp biljekdigi baradaky maglumatlara esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň