Kambojada Mekong derýasynda dünýäde şu wagtça çenli tutulan süýji suwda ýaşaýan iň uly balyk tutuldy. Bu balyk 300 kg agramly äpet skat balygydyr. Mir24-iň habar bermegine görä, äpet balyk tutulandan soň, onuň agramy çekilip, ýene-de yzyna derýa goýberilipdir.
Biolog Zeb Hoganyň sözlerine görä: «20 ýyllap alty kontinentiň derýalarynyň we kölleriniň ýalyklaryny öwrenmegiň barşynda bu dünýä çeşmelerinde şu wagta çenli duş bolnan ýa-da resmileşdirilen süýji suwda ýaşaýan iň iri balykdyr».
Bellenilişi ýaly, bentler, hapalanmak we işjeň balyk tutulmagy zerarly Mekong derýasynyň eko ulgamynyň howp satyndadygyna garamazdan, suw howdany biodürlülige örän baýdyr.