Turkmenportal logo
23.06.22
5158351583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kataryň Türkmenistanyň Ilçihanasy üç sany nemes awtoulagyny satuwa çykardy

Kataryň Türkmenistandaky Ilçihanasy awtoulaglaryň satuwy barada bildiriş etdi. Bu barada bildiriş «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.


Satuwa üç sany nemes awtoulagy çykaryldy:


1. Mercedes–Benz S400 4Matic Sedan long. Çykan ýyly: 2016. Reňki: çal metal (çyg asfalt). Hereketlendirijiniň göwrümi: 3.0. Awtomatik geçiriji karobka. Awtomobil wagtlaýyn girişde. (gümrükden çykarylmadyk)
2. BMW 730LI. Çykan ýyly: 2014 (2015 model). Reňki: çal (çyg asfalt). Hereketlendirijiniň göwrümi: 3.0. Awtomatik geçiriji karobka. Awtomobil wagtlaýyn girişde. (gümrükden çykarylmadyk).
3. Volkswagen Caravelle. Çykan ýyly: 2018 (2019 model). Reňki: ak. Hereketlendirijiniň göwrümi: 2.0. Awtomatik geçiriji karobka. Gümrükden çykarylan.


Söwda tekliplerini Türkmenistan, Aşgabat, A.Nyýazow şaýoly, 13-nji jaý (öňki 85) salgysynda ýerleşýän Kataryň Ilçihanasyna her awtoulag üçin aýratyn möhürlenen bukjada ibermek zerur.


Bukjada şu belgini görkezmek hökmanydyr: «Gizlin. Katar Dwletiniň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekiline. Gönüden-göni eline gowşurmaly».


Teklipler bildiriş neriş edilenden soň 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Elektron poçta ýa-da telefon arkaly edilen tekliplere garalmaz.


Awtomobili görmek we has jikme-jik maglumat almak isleýänler şu aşakdaky belgiler boýunça habarlaşyp, 09:00-dan 16:00 aralykda habarlaşyp bilerler: +99312 281520; +99312 281162.