Soňky habarlar

Arhiw

Iýul aýynda «Türkmenistan» awikompaniýasy Moskwa bilen dowamly howa gatnawyny dikelder, Medeniýet hepdeliginiň dowamynda «Türkmenfilm» täze filmini görkezer, Türkmenistanyň pasporty dünýä sanawynda saýlama 100-lige girdi, we beýleki habarlar

10:2025.06.2022
0
22501

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa şäherine uçuşlary gaýtadan dikeldýär, Aşgabatdan Domodedowo Halkara howa menziline ilkinji uçuş 5-nji iýulda guralar. Uçuşlar hepdede iki gezek – sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

2. Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy elektron poçtasynyň üýtgedilendigini habar berdi. Ýüz tutmalary ibermek üçin täze salgy – mvdrf.turkmenistan@yandex.ru».

3. «Kuruluş: Osman» köpbölümli filminiň iň owadan aktrisalarynyň biri Gözel Röwşenowa Türkmenistanda doglandyr. Gözel meşhur filmde ikinji möwsümden bäri surata düşüp gelýär. Ol baş gahrymanyň aýaly Malhun hatynyň kömekçisi Alaja hatynyň keşbini janlandyrýar.

4. Iýul aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanda 48 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Şeýle howa bir hepdeläp dowam eder. Jöwzaly howa goňşy ýurtlara hem ýaýrar: Eýranyň käbir ýerlerinde +50, Owganystanda we Pakistanda +49 çenli, Özbegistanda +47, Yragyň günortasynda +50 çenli yssa garaşylýar.

5. Türkmenistanyň pasporty 2022-nji ýylyň ikinji kwartalynda «Henley & Partners» şweýsar konsalting kompaniýasynyň «Dünýä pasportlarynyň indeksleri» sanawynda 92-nji orny eýeledi. Bilermenler 200-den gowrak ýurduň pasportlaryny deňeşdirdiler. Sanawyň ýokarky orunlaryny Ýaponiýa, Singapur, Koreýa Respublikasy we Germaniýa ýaly ýurtlar eýeländirler.

6. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazan şäherine uçuşlary hepdede iki gezege çenli artdyrar. Uçuşlar çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

7. 26-njy we 28-nji iýunda Aşgabadyň «Paýhas» okuw merkezi «Speaking class» we «Creative Kids» maksatnamalary boýunça tölegsiz esasda açyk iňlis dili sapaklaryny geçirer. sapaklar 18:00-da başlanýar, olara ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: +993 12 36-99-96; +993 12 36-99-97.

8. Mary welaýatynda geçirilýän we 27-nji iýuna çenli dowam etjek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen kinematograflarynyň täze işleri görkeziler. Soňky ýyllarda «Türkmenfilm» birnäçe uly göwrümli we kiçi göwrümli filmleri döretdi. Olaryň hatarynda «Gyzyl kürte», «Çapar», «Hajy gulak», «Istärin», «Binýat», «Owaz» we beýlekiler bar.

9. Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredip» şygary astynda Osaka şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar.

10. Owganystan güýçli ýertitremäniň yzysüre gar tupanyndan ejir çekdi. Çawkaý etrabynda güýçli gar ýagmagy sebäpli 12 sany ýetginjek heläk boldy. Garyň agramyna jaýlaryň biriniň üçegi çökdi. Gar syrgyny wagtynda ýüzlerçe baş mal ýitirim boldy.

11. Türkmenistanyň «Köpetdag» toparynyň futbolçylary Täjigistanyň «Hujandyndan» asgyn gelmek bilen, AFK Kubogy-2022 çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynda şowsuz badalga aldylar. Bişkekde geçirilen birinji aýlaw duşuşygy aşgabatly toparyň 1:3 hasabynda ýeňilmegi bilen tamamlandy. 27-nji iýunda geçiriljek indiki oýunda «Köpetdag» Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen güýç synanyşar.

12. «Altyn asyr» AFK Kubogy ugrundaky çempionatyň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Duşanbeniň «SSKA-sy» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Duşanbe şäherinde geçirildi. 27-nji iýunda geçiriljek indiki duşuşykda «Altyn asyr» «Nebitçi» bilen güýç synanyşar.

13. Bişkek şäherinde 17 ýaşa çenli harby okuwçylaryň arasynda geçirilen sport göreşi boýunça Aziýa çempionatynyň netijeleri boýunça türkmen türgenleri 4 medal gazanmagy başardylar: 1 altyn we 3 bürünç.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň