24-nji iýunda Aşgabatdan Moskwa ýolagçy uçuşy amala aşyrylar, kosmonawt Oleg Kononenko 58 ýaşady, Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň bahalarynyň monitoringi geçiriler we beýleki habarlar

11:5222.06.2022
0
21957

1. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatdan Moskwa ýolagçy uçuşyny guraýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarynyň 24-nji iýunda ýerli wagt bilen sagat 10:00-da paýtagtymyzdan uçmagy meýilleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko 58 ýaşady. Üstümizdäki ýylyň aprel aýynda Oleg Kononenko HKS-e bäşinji uçuşuna taýýarlanýandygyny aýdypdy. Bu uçuş 2023-nji ýylyň mart aýynda göz öňünde tutulýar.

3. Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň bahalarynyň monitoringi geçiriler. Bu işler Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary portalynda ýerleşdirilen Monitoring geçirmegiň tertibinde göz öňünde tutulandyr. Monitoring gurluşyk serişdeleriniň bahalaryna gözegçilik etmek, göz öňünde tutulan bahalaryň özgermek we emele gelmek meýilleri baradaky maglumatlary toplamak hem-de seljermek arkaly amala aşyrylar. Şeýlelikde, ýylda 2 gezek «Gurluşyk serişdeleri üçin göz öňünde tutulan bahalaryň ýygyndysy» çap ediler.

4. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji magistrler tamamladylar. Magistraturanyň ilkinji 20 sany uçurymy «Bilimi dolandyrmak» fakultetinde bilim aldylar. Üstümizdäki ýylda bu ýokary okuw mekdebini jemi 1109 talyp tamamlap, şolaryň 70-e golaýy tapawutlanan diploma eýe boldular.

5. Türkmenistanda Halkara ýoga güni bellenildi. Aşgabadyň 200-e golaý ýaşaýjysy «Bagtyýarlyk» sport toplumynda hereket edýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine ýygnandylar. Bu ýerde Halkara ýoga güni mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan dabara geçirildi.

6. Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň funksional diagnostika lukmany Maral Kerimowa Gün urmasynda ilkinji lukmançylyk kömegi we Gün urmasyndan goranmak düzgünleri barada gürrüň berdi.

7. Kambojanyň Mekong derýasynda adam tarapyndan häzir çenli ele salnan dünýäde iň iri süýji suwda ýaşaýan balygy tutdular. Bu balyk agramy 300 kg bolan skat balygydyr.

8. Wýatsk döwlet uniweristetiniň (Kirow) rus alymlary şekeriň ornuny tutujy zyýansyz maddany almagyň usulyny işläp düzdüler. Brazzein atly süýji belok uglewod şekerleriň ornuny tutup, semizlige garşy göreşde uly ähmiýete eýe bolup biler.

9. 2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda türkmen toparynyň hem gatnaşmagynda AFK Kubogy ugrunda çempionatyň toparlaýyn tapgyry başlanýar. Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» «E» toparda çykyş eder we oňa «SSKA» (Täjigistan), «Sogdiana» (Özbegistan), «Nebitçi» (Gyrgyzystan) garşydaşlyk ederler. «F» toparda bolsa «Köpetdag» Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» we Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» bilen güýç synanyşar.

10. Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) ýaşlaryň we harby okuwçylaryň arasynda geçirilýän sport göreşi boýunça Aziýa çempionatynda erkin göreş boýunça 65 kg çenli agram derejede altyn medalyň eýesi mälim boldy. Oňa final tutluşygynda özbegistanly Akobir Rahimowy 9:6 hasabynda ýeňlişe sezewar eden türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň