Arhiw

Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji gezek magistrler tamamlady

12:3121.06.2022
2
14924
Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji gezek magistrler tamamlady

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji gezek 20-ä golaý magistr tamamlap degişli diplomlary aldylar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, ady agzalan ýokary okuw mekdebinde bilim alan talyplaryň gutardyş dabarasy geçirilip, olara ýokary bilim hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary gowşuryldy.

Türkmenistanyň iň bir baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini şu ýyl 1109 talyp tamamlap, olaryň 70-si tapawutlanan diploma mynasyp boldy.

Uniwersitetiň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary, uçurymlaryň deň-duşlary olara durmuşda we işde ak ýol arzuw etdiler.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ikinji derejedäki bilimi almak 2018-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda magistr derejesini ýurduň ýedi ýokary okuw mekdebinde alyp bolýar.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň