Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji iýunda boljak ýörite howa gatnawy barada habar berdi. Bu bildiriş Russiýa Federasiýasynyň Konsullyk bölüminiň Telegram-kanalynda ýerleşdirildi.
Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň guramagynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriljek bu howa gatnawy Aşgabat – Moskwa ugry boýunça bolar. Maglumat berlişi ýaly, T5 701 howa gatnawy Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 15:00-da amala aşyrylar.
Görkezilen howa gatnawynyň petekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisinde 22-nji iýunda satylyp başlanar. Gatnawyň ekonom-klass peteginiň bahasy 600 ABŞ dollaryna deň bolup, onuň tölegini geçirmegi ýolagçylar awiakompaniýanyň edarasyndan anyklap bilerler.
Daşary ýurtly raýatlar Russiýanyň çägine girende hökmany 48 sagatlyk möhleti bolan PCR barlag testleriniň otrisatel netijesini görkezmelidir.
Ýadymyzda bolsa, iýun aýynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite howa gatnawlary üçin resminamalary kabul etmegini togtadypdy. Bu çözgüt daşary ýurtlara yzygiderli howa gatnawlarynyň açylmagy bilen baglylykda kabul edildi. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana yzygiderli howa gatnawyny iki ýyllyk arakesmeden soň dikeltdi. Aşgabatdan Kazan şäherine howa gatnawlary her hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 14:55-de amala aşyrylýar. Kazandan yzyna bolsa howa gatnawy Türkmenabat şäherine ýerine ýetirilýär.
Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň guramagynda ýörite ýolagçy howa gatnawlary 2020-nji ýylyň martyndan bäri ýerine ýetirilip gelýär. Bu gatnawlary «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen deň derejede Russiýanyň «Sibir» awiakompaniýasy tarapyndan alnyp baryldy (Rus awiakompaniýasy bu ugurda 37 gezek gatnawy amala aşyrdy).
Şeýle-de, okaň:
- «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň ýolagçylar üçin uçuş düzgünlerini neşir etdi
- Halkara uçar gatnawy gaýtadan dikeldilenden soň Türkmenistandan ilkinji uçar Kazana gondy
- Russiýa Türkmenistana we ýene ýedi ýurda howa gatnawlarynyň çäklendirmelerini aýyrdy
- Russiýa çarter howa gatnawlary bes edilýär