Russiýa Federasiýasy Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan we Eýran Yslam Respublikalaryna pandemiýa sebäpli girizilen halkara uçar gatnawlarynyň çäklendirmesini aradan aýyrýar. Bu barada Russiýanyň Howa gatnawlary baradaky federal agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Habar berlişine görä, geljekde howa gatnawlary ikitaraplaýyn esasda döwletleriň özara ylalaşyklaryna we howa gatnawlaryny dolandyrýan edaralaryň baglaşan şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylar.
Pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryna çäklendirme 2020-nji ýylyň mart aýynda girizilipdi. Şondan bäri hem, «Türkmenistan», «Turkish Airlines» we «Sibir» awiakompaniýalary Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň iri şäherlerine diňe ýörite uçar gatnawlaryny ýerine ýetirip gelýärler.
Ýakynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Rumyniýanyň Buharest şäherinden Ukrainada bilim alýan ýaşlaryň 282-sini ýörite uçar gatnawy bilen öz Watanyna getirdi.