Türkmenistanyň «EKSPO-2020» sergisindäki pawilýony ýene-de bäş ýyl hereket eder

22:1911.06.2022
0
6627

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Atdaýew «EKSPO-2020» sergisinde Dubaý şäherinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ulanmak barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Bütindünýä sergisiniň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol Milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýyl möhletiň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi Türkmenistanda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny hem-de forumlaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasap edilýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurtda dürli ugurlar boýunça halkara sergilerini guramagy dowam etmek zerurdyr diýip, wise-premýere bu babatda tabşyryk berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň