Tbiliside geçirilen dzýudo ýaryşy tamamlandy

19:0006.06.2022
0
4169

Dzýudo boýunça Tbiliside geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşy tamamlandy.

Onda Gruziýanyň türgenleri toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Olar altyn medallaryň bäşisini, kümüş medallaryň dördüsini we bürünç medallaryň bäşisini gazandylar.

Tbilisidäki halkara ýaryşa 36 döwletden 278 türgen gatnaşdy. Şol sanda olaryň 173-si erkekler, 105-si bolsa zenan dzýudoçylardyr. Olaryň 14-si Türkmenistana wekilçilik etdi.

Türkmen ýygyndysyndan iň ýokary netijäni Aýbek Omirow görkezdi. 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz ilkinji ýedilige girmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň