Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan adam söwdasy bilen baglanyşykly milli syýasatlary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdy

08:3328.05.2022
0
6166

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we degişli döwlet edaralary «Adam söwdasyna garşy milli syýasatlary berkitmek» atly gibrid görnüşinde geçirilen maslahata gatnaşdylar.

Gullugyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, maslahat 26-27-nji maý aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky binasynda UNODC-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin gibrid görnüşinde geçirildi.

Duşuşykda adam söwdasyna garşy göreşmek bilen bagly öňdebaryjy halkara tejribesi barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, halkara bilermenler çykyşlarynda Ýewropa Bileleşiginiň we GDA döwletlerinde adam söwdasy baradaky kanunçylygyň aýratynlyklary seljerilip, adam söwdasyny ýüze çykarmak we onuň pidalaryna goldaw bermek barada özara pikir alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň