Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-eýran serhediniň «Sarahs» barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar

09:4721.05.2022
0
21727
Türkmen-eýran serhediniň «Sarahs» barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar

1. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklary Sarahs serhet terminaly arkaly 2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda gaýtadan ýola goýlar. Daşary ýurtly awtomobil sürüjilerine ähli zerur talaplar berjaý edilen ýagdaýynda Sarahs-Farap-Sarahs ugry boýunça serhetden geçmäge rugsat berilýär.

2. Türkmenistanyň ulag edaralary täze uçarlary, ýük otlularyny, ýeňil awtoulaglary, kiçi-awtobuslary, satyn alarlar we täze deňiz gämilerini gurarlar. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň bellemegine görä, bu çäreler raýatlar üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

3. 2022-nji ýylda Türkmenistanda önümçilik we jemgyýetçilik maksatly 52 sany iri desga ulanyşa berler. Gurluşygy dowam edýän binalaryň hatarynda – saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna degişli edaralar, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, şeýle hem dürli ugurlaryň kuwwatlylygyny artdyrmaga itergi berjek senagat kärhanalary.

4. Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň aradan çykan Prezidenti şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýany hatyralamak çäreleri geçirildi. Arap döwletiniň Baştutanyny hatyralap Köşi metjidinde we Ýetimler köşgünde sadaka berildi.

5. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gaz trubina hyzmatlarynyň ilkinji üpjünçilik merkezi ulanyşa bermek üçin taýýarlanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli kuwwatlykly gaz turbina hyzmatlarynyň üpjünçiligi «General Electric» kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar.

6. 4-nji iýunda aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary «Jaz öwüşginleri» konsertine çagyrylýar. Konserte paýtagtyň meşhur sazandalary: Wladimir Mkrtumow (klawişli saz gurallary), Aram Bezikýan (kakylyp çalynýan saz gurallary), Igor Şewsow (bas-gitara) dagy gatnaşarlar. Konsert Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sagat 19:00-da başlanar.

7. «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti öý we ofis mebelleriniň, santehnika we durmuş maksatly tehniki enjamlaryň, şeýle hem halkyň sarp edýän hojalyk harytlarynyň üpjünçiligi bilen meşgullanýan taraplary hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Ak gaýanyň» alyp barýan işiniň esasy ugry – gurak gurluşyk garyndylarynyň (şpatlýowka, suwag, gurluşyk gipsi), şeýle hem gipsokartonyň önümçiligi.

Mundan başga-da, kompaniýanyň dükanlarynda mebelden we durmuş maksatly tehnikadan başlap, gurluşyk esbaplaryna we sport enjamlaryna çenli ýaşaýyş jaýy üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär.

Hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +99312 75 42 75, +99365 65 48 07.

8. «Netflix» Jennifer Lopesiň ömri we zähmet ýoly hakynda täze dokumental filminiň treýlerini köpçülige ýetirdi. «Arakesme» (Halftime) atly film aýdymçy we aktrisanyň 1990-njy ýyllarda döredijilik dünýäsine aralaşyşy, «Oskar» baýragyna dalaşgärligiň başa barmandygy, ABŞ-niň Prezidenti Jo Baýdeniň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşy we başga-da köp zatlar hakynda gürrüň berer.

9. Britaniýaly okuwçy 43 kilogramlyk karp balygyny tutdy we ýaş balykçylaryň arasynda dünýä rekordyna eýe boldy. Rekorda giren balyk banan tagamly pirog bilen tutulypdyr. 11 ýaşly Kalluma ony suwdan çykarmak üçin 20 minut gerek bolupdyr.

10. Wladislaw Tretýak Russiýanyň Hokkeý Federasiýasynyň (RHF) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Ol RHF-e 2006-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol 1970-1984-nji ýyllar aralygynda SSSR-iň hokkeý boýunça ýygyndysynda derwezeban hökmünde çykyş etdi. Ol üç gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony (1972, 1976 we 1984) we on gezek dünýäniň çempiony boldy.

11. Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary Balkan welaýatynyň Kubogynyň eýesi boldy. Ahyrky oýunda ol Balkanabadyň «Nebitçi» toparynda 2:1 hasabynda üstün çykdy. Oýun Balkanabadyň «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

Çempionatyň iň gowy oýunçysy hökmünde «Şagadamyň» ýarymgoragçysy Ihlas Magtymow saýlandy. Iň gowy derwezeban adyna «Nebitçä» wekilçilik edýän Perhat Hajytaganow mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň