Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylar

13:2420.05.2022
0
22177

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu binanyň açylyşyna görülýän taýýarlyklar barada penşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Çarymyrat Purçekow döwlet Baştutanyna hasabat berdi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Wise-premýeriň hasabat bermegine laýyklykda, häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Binada dolandyryş we önümçilik toplumlary gurlup, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnalypdyr. Öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, merkeziň hünärmenlerine daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwlary geçildi.

Şeýle-de Ç.Purçekow Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanmaga berilmegi ýurtda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, sarp edilýän wagty azaltmaga we ýurduň ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň bu möhüm desgasyndaky işleriň bellenen möhlete laýyklykda doly tamamlanmagyna we açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmäge wise-premýeri borçly etmek bilen degişli tabşyryklary berdi.

Bu merkez Türkmenistanda gaz turbina hyzmatlarynyň ilkinji üpjünçilik merkezi bolar. Häzirki wagtda ýurtda dürli kuwwatly gaz turbinalaryna hyzmat etmek «General Electric» kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň