Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda BAE-niň merhum Prezidentiniň belli güni bellenildi

22:5220.05.2022
1
14972

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ir bilen Köşi metjidine bardy, soňra Gökdepe metjidine geldi we bu ýerde geçirilýän sadaka gatnaşmak üçin gelen BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, özüniň BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly, geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu günem merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi. Dostlukly ýurduň ilçisi BAE-niň merhum Prezidentine bildirilýän hatyra üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu çözgüdiň beýik ynsanperwerligiň nyşanydygyny aýratyn nygtady.

Sadakanyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy baradaky habary gynanç duýgusy bilen kabul edendiklerini hem-de döwlet Baştutanynyň tabşyrygy bilen, türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy sebäpli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Ýurduň müftüsi tebärek çykdy, soňra nahar çekildi. Sadakanyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, berlen sadakanyň kabul bolmagyny dileg etdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şeýle hem şu gün Köşidäki metjitde we Aşgabatda BAE-niň ozalky Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň adyny göterýän Döwletliler köşgünde BAE-niň merhum Prezidentini hatyralap, sadakalar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň