Soňky habarlar

Arhiw

Wladislaw Tretýak ýene-de Russiýanyň hokkeý federasiýasynyň prezidentligine saýlanyldy

13:1920.05.2022
0
2150
Wladislaw Tretýak ýene-de Russiýanyň hokkeý federasiýasynyň prezidentligine saýlanyldy

Wladislaw Tretýak Russiýanyň hokkeý federasiýasynyň (RHF) prezidentligine gaýtadan saýlandy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi.

Ol bu wezipä ýeke-täk dalagärdi. Federasiýanyň maslahatynda bu baradaky degişli karar biragyzdan kabul edildi. Jenap Tretýak öňümizdäki dört ýylda ýene-de federasiýa ýolbaşçylyk eder.

1970 ― 1984-nji ýyllar aralygynda SSSR-iň hokkeý ýygyndysynyň derwezeçisi bolan Wladislaw Tretýak federasiýa 2006-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol hokkeý oýnan ýyllarynda Olimpiýa oýunlarynyň üç, dünýäniň 11 gezek çempiony boldy.

Tretýagyň federasiýa ýolbaşçylyk edip gelýän ýyllarynda milli ýygyndy 2008, 2009, 2012 we 2014-nji ýyllarda dünýäniň çempiony boldy. Şeýle ýygyndy 2018-nji ýylda Phençhan Olimpiýa oýunlarynyň altyn, Pekin ― 2022-niň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Wladislaw Tretýak 2017-nji ýylda Türkmenistana hem sapar bilen gelipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň