Soňky habarlar

Arhiw

ÝTÖB Türkmenistanda täze iş orunlaryny açdy, Aşgabadyň teatrlary 6-8-nji maýda görkeziljek sahna oýunlaryny mälim etdiler, ylym, innowasiýalar we sungat festiwalyna gatnaşmak üçin kabul edişlik yglan edildi we beýleki täzelikler

11:2405.05.2022
0
14995

1. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda aşpez üçin täze iş ornunyň bardygyny yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler bu iş orny hakynda goşmaça maglumatlary jobs.ebrd.com saýtyndan alyp bilerler.

2. 6-8-nji maýda Aşgabadyň teatrlarynda gündizki hem-de agşamky sahna oýunlary görkeziler. 7-nji maýda Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda «Lukman gelinlik» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar. Petekler barada maglumaty teatryň kassalaryndan anyklap bilersiňiz.

3. Aşgabatda Halkara jaz gününe bagyşlanan konsert geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasyndan aýdymçylar Bart Gowardyň, Berta Kempfertiň, Morris Albertiň, Jorj Gerşwiniň we beýlekileriň meşhur aýdymlary ýaňlandy.

4. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 16-21-nji maýda ylym, innowasiýalar we sungat festiwaly geçiriler. Çärä ýokary, orta we ýörite hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary gatnaşar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy işlere ýörite sowgatlar gowşurylar. Doly maglumat tdbgi.edu.tm saýtynda «Bildirişler» bölüminde ýerleşdirildi.

5. Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe bagyşlanan mowzuklaýyn sergi açyldy. Sergide hödürlenen esbaplaryň hatarynda arhiw neşirler, frontdan hatlar, harby egin-eşikler, frontçy-weteranlaryň baýraklary bar.
1. Sony Pictures ilkinji «Möý-adam» filminiň ekrana çykmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýörite rolik hödürledi. Wideorolige goşulan hatda şeýle diýilýär: «Bir gahryman kinony baky üýtgetdi. «Möý-adam» ilkinji gezek kinoteatrlara çykanda siz nirdediňiz? Ýatlap görüň, ähli wakalary başlan gahrymany özüň üçin gaýtadan açyň».

2. Tehasyň mekdepleriniň birinde bilim şahadatnamalarynyň gowşurylmagy adaty bolmadyk görnüşde geçiriler. Diplomlary almak üçin sahna üçemler we 35 jübüt ekizler çykar. Bu uçurym synpda şu wagta çenli bile okan erkek doganlaryň we uýalaryň köplügi bar.

1. UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Madridiň «Realy» iňlisleriň «Mançester Siti» klubundan üstün çykdy. «Santiago Bernabeu» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. «Reala» ýeňşi goşmaça wagtda Karim Benzemanyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy getirdi. Çempionlar ligasynyň 28-nji maýda geçiriljek final duşuşygynda «Real» «Liwerpul» bilen duşuşar.

2. Belarussiýanyň «Bumprom» klubunyň 21 ýaşly türkmen ýarymgoragçysy Kerim Nuryýew klub bilen şertnamasyny 2022-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Geçen möwsümde Nuryýew Gomeliň klubunda 14 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň