Türkmenistan boýunça syýahata bagyşlanan gepleşigiň ilkinji sany çykaryldy, Aşgabatda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler, orta mekdepleriň uçurymlary üçin synag sowalnamalary çap edildi we beýleki täzelikler

10:1203.05.2022
0
30243

1. Turkmenportal saýtynda syýahatçylyga bagyşlanan «Gyzykly gezelenç» gepleşiginiň birinji sany çykaryldy. Turkmenportalyň täze taslamasynda alyp baryjy Ýunus Allanazarow tomaşaçylary Türkmenistanyň ýadygärlikleri, milli däpleri, edim-gylymlary we tagamlary bilen tanyşdyrar. Gepleşigiň birinji sanynda Köw-Ata tebigy ýerasty kölüniň aýratynlyklary barada aýdylýar.

2. 7-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşlanan «Harby ýyllaryň aýdymlary» atly konsert geçiriler. Konsert 18:00-da başlanar. Giriş tölegsizdir.

3. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin synag sowalnamalary çap edildi. 2022-nji ýylda uçurymlar bäş ders boýunça — biologiýa, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy we fizika dersleri boýunça synag tabşyrarlar. Şeýle hem türkmen bölümleriniň uçurymlary türkmen dili we edebiýaty, rus bölümleriniň uçurymlary bolsa, rus dili we edebiýaty dersleri boýunça synag tabşyrarlar.

4. Birinji maýdan «Aşgabat» medeni we dynç alyş seýilgähi myhmanlar üçin gapysyny açdy. Bu ýerde myhmanlara şadyýan attraksionlar, gyzykly sport we çagalar meýdançalary garaşýar. 8-nji maýda seýilgähde saz agşamy geçiriler. Çäre 18:00-da başlanar. Petekleri şu belgilere jaň edip alyp bolar: 22-38-98; (+993 63) 46-71-77

5. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Oňa gatnaşmak üçin arzalar 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli kabul ediler. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 44-46-64, (+993 12) 44-46-77.

6. Hytaý alymlarynyň topary kömürturşy gazyny şekere özgertmek boýunça ulgamy işläp düzdüler. Täze desga iki tapgyrlaýyn tehnologiýadan ybarat. Birinji tapgyrda elektroliziň dowamynda kömürturşy gazyndan sirke turşusy emele gelýär. Soňra ýörite täsirleşmäniň kömegi bilen glýukoza we beýleki çylşyrymly birleşmeler emele getirilýär.

7. Antalýada çäge heýkelleriniň 17-nji Halkara festiwaly başlandy. Şu ýylda çäräniň esasy mowzugy — «Kosmos başdan geçirmeleri». Festiwala gatnaşyjylar bir günde 50 metrlik çäge heýkelini döredip, täze dünýä rekordyny goýmaga synanyşarlar. Heýkelleri döretmek üçin umumylykda 10 müň tonna çäge ulanylar.

8. «Zenit» Russiýanyň futbol boýunça çempionatynyň şu möwsüminde gazanan ýeňşi üçin Serdar Azmuna altyn medal iberer. Lewerkuzeniň «Baýer» klubuna geçmezden ozal Azmun Sankt-Peterburgyň klubunyň düzüminde 15 duşuşyga gatnaşyp, 7 gol we bir sany ýardam pasyny geçirdi.

9. Elektron sportuň milli federasiýasy «Counter-Strike» «Global Offensive» boýunça Türkmenistanyň her ýylky Kubogy üçin bellige alşy yglan etdi. Ýaryş 2022-nji ýylyň 6-12-nji iýuny aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşyjylar 30 müň manat baýragyň ugrunda bäsleşerler. Ýaryşa gatnaşmak üçin arzalar 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli www.tmesf.org saýtynda kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň