Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede gum heýkelleriniň Halkara festiwaly açylýar

16:3302.05.2022
0
5533

Antalýada gum heýkelleriniň 17-nji Halkara festiwaly öz işine başlar. Bu ýylda geçýän çäräniň mowzugy «Kosmik başdangeçirmeler» diýlip atlandyrylýar.

«Anadolu» habarlar agentliginiň bellemegine görä, bu ýylda festiwala gatnaşýanlar täze dünýä rekordyny goýmaga, ýagny bir günüň dowamynda boýy 50 metr bolan gum heýkelini döretmäge synanyşarlar. Ýerli Lara kenarynda geçjek festiwal goşmaça bezegler — kosmik raketalar, emeli hemra we Apollon ýaly jisimler bilen üpjün edildi. Gum heýkellerini ýasamak üçin umumylykda 10 müň tonna gumdan peýdalanylar.

Bellenilişi ýaly, bu ýere gelýän myhmanlar «Doganlar Raýtlaryň», «Ýuriý Gagariniň», «Apollon 11 we Nil Armstrongyň», şeýle hem «Ýyldyzly ýol» we «Ýyldyz söweşijileri» ýaly filmleriň gahrymanlarynyň heýkellerini görüp bilerler. Gum heýkelleriniň 17-nji Halkara festiwaly myhmanlar üçin 1-nji maýdan işläp başlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň