Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar

20:1802.05.2022
0
15216

7-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly konsert geçiriler.

Aýdym-saz agşamynda ýurduň tanymal aýdymçylary, şol sanda Maýa Gullaýewa (mezzo-soprano), Bahar Durdyýewa (soprano), Amangeldi Amanow (bariton), Begenç Gaýypow (bariton) hem-de sazandalar Stella Faramazowa (fortepiano), Aýbölek Muhyýewa (skripka), Jemal Agajanowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt) Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) dagynyň çykyşlary ýetiriler.

Konsert konserwatoriýanyň kamera ansambl kafedrasy tarapyndan guralýar.

Konsert 18:00-da başlanýar. Giriş tölegsizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň