Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Aşgabat» dynç alyş seýilgähi paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 1-nji maýdan başlap bu ýerde dynç almaga çagyrýar.
Bu ýere gelýänler üçin seýilgähde täsin attraksionlar, çagalar üçin niýetlenen gyzykly sport meýdançalary we dynç alyş oturgyçlary bar.
Seýilgähiň 10:00-dan 22:00-a çenli işleýändigini ýatladýarys. Her çarşenbe bolsa bu ýerde arassaçylyk günüdir.
«Aşgabat» türkmen paýtagtynyň iň bir gadymy seýilgähleriniň biri bolup, onuň meýdany 7 gektara deňdir.