Soňky habarlar

Arhiw

«Zenit» RPL-de gazanan ýeňşi üçin Serdar Azmuny altyn medal bilen sylaglar

19:2801.05.2022
0
7021
«Zenit» RPL-de gazanan ýeňşi üçin Serdar Azmuny altyn medal bilen sylaglar
Surat: Михаил Разуваев / ФК «Зенит»

«Zenit» toparynyň ozalky futbolçysy Serdar Azmun toparyň şu möwsümde Russiýanyň Premýer ligasynda gazanan ýeňşi üçin piterliler tarapyndan altyn medal bilen sylaglanar.

«Çempionatyň» habar bermegine görä, «Zenit» ýeňşiň baýragyny topardan giden asly türkmen bolan eýranly futbolça iberer. Belläp geçsek, geçen transfer möwsüminde Serdar Azmun nemesleriň «Baýer» toparynyň düzümine goşulypdy.

«Zenit» topary «Lokomotiw» bilen geçirilen duşuşykda gazanan ýeňşinden soň, wagtyndan öň çempionatyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Serdar Azmun «Zenidiň» düzüminde 2019-njy ýyldan bäri çykyş etdi. Ol bu toparyň düzüminde üç gezek Russiýanyň çempiony, iki gezek Superkubogyň hem-de bir gezek Russiýanyň kubogynyň eýesi boldy. Futbolçy toparda çykyş eden döwründe 104 gezek meýdança çykyp, 62 gol geçirdi we 17 sany ýardam pasy bilen tapawutlandy. Toparyň taryhynda ol iň bir tapawutlanýan futbolçylaryň birine öwrüldi. Russiýanyň Futbol birleşmesiniň hasaplamalaryna laýyklykda, futbolçy 2019/20 futbol möwsüminde iň köp gol geçiren, 2020/2021 futbol möwsüminde bolsa çempionatyň iň ökde futbolçysy hökmünde yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň