Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanynyň şekilini işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçiriler, Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Remezan aýyna bagyşlanan sergi açyldy, «Berkarar» kinoteatrynyň afişasy we beýleki täzelikler

10:1725.04.2022
0
8033

1. Ýurdumyzda «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçiriler. Şekili işläp taýýarlamak işine ýurdumyzyň suratkeşleri, dizaýnerleri, talyplary we raýatlary gatnaşar. Bäsleşigiň guramaçysy bolup Söwda-senagat edarasy degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda çykyş eder.

2. Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde Remezan aýyna bagyşlanan sergi açyldy. Çäre eýýäm asylly däbe öwrüldi. Sergide pars dilini öwrenijileriň işleri hödürlenildi.

3. «Betmen», «Nägehanlar dynç alyşda», «Möý-adam: Öýe ýol ýok» filmleri 25-27-nji aprelde «Berkarar» kinoteatrynda görkeziler.

4. Google Play-da Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemek üçin Türkmen Radio mobil ykjam goşundysy peýda boldy. Indi, ulanyjylar Owaz, Watan, Çar tarapdan we Miras radioýaýlymlary ýer ýüzüniň islendik künjünden diňläp bilerler.

5. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografiki maglumat ulgamlarynyň barlaghanasynyň alymlary we hünärmenleri arheologiki ýadygärlikleriň interaktiw kartasyny döretdiler. Kartada ýadygärlikleriň ady, olaryň ýerleşýän ýeri, etrap merkezlerinden aradaşlygy we ugry, şeýle hem ýadygärlikleriniň suraty şekillendirilýär.

6. Türkmenistanda milli ýygyndylary 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça Guramaçylyk komiteti dörediler.

7. Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynyň manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli konkur boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlarda 26 ýaşly žokeý Nikolaý Beglarýan Toýçy atly aty bilen ýeňiji boldy.

8. «Baýeriň» futbolçysy Serdar Azmun «Groýter Fýurt» bilen duşuşykda Bundesligadaky gollarynyň hasabyny açdy. Hüjümçi 18-nji minutda tapawutlanyp, «Baýeriň» düzümindäki ilkinji goluny geçirdi. Mundan başga-da, ol 58-nji minutda netijeli ýardam pasyny hem adyna ýazdyrdy.

9. Birleşen Arap Emirliklerinde seýrek awtomobil belgileri we mobil telefon belgileri hödürlenilen haýyr-sahawat auksiony geçirildi. Abu-Dabi-de geçirilen auksionda «2» belgili eksklýuziw awtomobil belgisi 6,3 mln dollara satyldy. Dubaýda bolsa AA8 belgisini näbelli alyjy 10 mln dollara aldy.

10. Demirgazyk Hytaýyň Şansi welaýatynyň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alkogol üçin niýetlenen 5 müň ýaşy bolan gap tapyldy. Alymlaryň pikirine görä, seýrek tapyndy Huanhe derýasynyň orta akymynda 5-7 müň ýyl ozal ýaşap geçen Ýanşao medeniýetine degişli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň