Germaniýanyň «Baýer» toparynyň eýranly hüjümçisi Serdar Azmun Bundesligadaky ilkinji pökgüsini 31-nji tapgyrda «Groýter Fýurtyň» derwezesinden geçirdi.
Eýranly türkmen duşuşygyň 18-nji minudynda tapawutlandy. 58-nji minutda bolsa ol Paulonýonyň goluna assist berdi. Duşuşyk Lewerkuzen şäherine wekilçilik edýän toparyň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy.
Azmunyň «Baýere» şu ýylyň ýanwarynda Sankt-Peterburgyň «Zenitinden» geçendigini ýatladýarys. Eýranly türkmen topary bilen 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşdy.
«Groýter Fýurta» bilen geçirilen duşuşyk Serdar Azmunyň Bundesligadaky altynjy duşuşygydyr. Şeýle hem hüjümçi topar bilen Ýewropa ligasynda iki duşuşyga gatnaşdy.
31 duşuşykda 55 utuk toplan «Baýer» Bundesligada üçünji orunda barýar.