Türkmenistanyň milli ýygyndysy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görer

23:2622.04.2022
0
3720

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, «Tokio — 2020» Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, türgenleriň taýýarlygy bilen bagly dürli guramaçylyk meseleleri boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen sazlaşykly işleri ýola goýmak hem-de öňde duran wezipeleri meýilnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany türgenleriň sebit we dünýä derejesindäki dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň köp babatda olaryň tälimçileriniň ussatlyk derejesine baglydygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň