22-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurduň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, döwrebap bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna Türkmenistanyň söwda ulgamyny we telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.