Aşgabatda geçirilen konkur ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy

09:0023.04.2022
0
4300

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ol ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösüşiň täze belentliklerine çykandygyny görkezdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirilen bäsleşige saýlama bedewleriň 16-sy gatnaşdy. Onuň şertine görä, bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, bedewler dürli belentlikdäki päsgelçiliklerden bökmekde ukyplaryny görkezdiler.

Konkur atçylyk sportunyň iň gyzykly görnüşleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, konkur ilkinji gezek 1869-njy ýylda Angliýada geçirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, päsgelçiliklerden bökmek boýunça konkur ýaryşy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek onuň maksatnamasyna girizildi hem-de 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Aşgabat Aziadasynda sportuň bu görnüşinde ilkinji ýaryşlar guraldy.

Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy we paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan ajaýyp atlaryň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Konkur ýaryşlaryny geçirmek üçin döredilýän şertleriň, mümkinçilikleriň dünýä ülňülerine doly laýyk gelmegi bäsleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny we olaryň gyzykly geçmegini şertlendirýär.

Baýramçylyk mynasybetli guralan konkur ýaryşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Galkynyş atly mele at bellenilen päsgelçilikleri ussatlyk bilen geçmegi başardy we üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Galkynyşa A.Ballyýew çapyksuwarlyk etdi.

Çapyksuwar S.Seýidowyň atlanan Akgala atly gyr aty bu ýaryşda ikinji orny eýeledi. Akgala «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine degişlidir.

N.Beglarýanyň çapyksuwarlygyndaky Toýçy atly gyr bedew ýaryşda birinji orna mynasyp boldy. Ol Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň