Soňky habarlar

Arhiw

“Red Bull Zalsburg” Bundesliganyň çempionyndan ýeňilmedi

11:2617.02.2022
0
4474

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Awstriýanyň “Red Bull Zalsburgy” öz meýdanynda “Bawariýa” bilen deň oýnady (1:1). Duşuşyk “Match! Futbol 1” teleýaýlymynda göni ýaýlymda futbol janköýerlerine görkezildi.

Ýer eýeleri Bundesliganyň çempiony bilen duşuşykdan öň pleý-offda garaşylmadyk topara meňzeýärdi. Muňa garamazdan, “Red Bull” Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji garaşylmadyk netijesini görkezmegi başardy.

12-nji minutda şikes alan Noa Okaforyň ornuna giren Junior Adamu 21-nji minutda “Red Bully” öňe saýlady – 1:0. Awstriýalylar ýene birnäçe gezek hasaby artdyrmaga mümkinçilik döretdiler, ýöne “Bawariýanyň” derwezeçisi Swen Ulraýh ussatlyk görkezmegi başardy.

Duşuşygyň ahyrynda nemes klubunyň oýunçylary hasaby deňlediler. 90-njy minutda Kingsli Koman tapawutlandy – 1:1.

“Bawariýa” bu duşuşykdan soň, özüniň ýeňişli ýoluny 22 oýna çenli uzaltdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň