Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowa Koreýanyň Prezidentinden gutlag haty geldi

10:3707.02.2022
0
3708

Şu gün — 7-nji fewralda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolýar. Şanly sene mynasybetli Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny berdi. Onda şeýle setirler bar:

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap syýasat, ykdysadyýet, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigi kanagatlanma duýgusyny döredýär, 2008-nji ýyldan bäri bolsa dürli ulgamlarda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

2019-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistana amala aşyran saparymyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyna şatdyryn. Siziň bilen bilelikde baryp gören Gyýanlydaky gazhimiýa zawody bolsa iki ýurduň hem möhüm üstünligidir we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly binýatdyr.

Bu senäniň — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda özara düşünişmek hem-de dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze kuwwat berjekdigine umyt bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistana bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Mun Çže In,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.


Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň