Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hytaýa iberiljek tebigy gazyň bahasyna täzeden sereder

19:4306.02.2022
0
1938

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde 5-nji fewralda Pekinde HHR-niň Başlygy Si Sizinpin bilen gepleşik geçirdi. Onuň barşynda nebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen Lideri nebitgaz pudagynda bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede açylmandygyny belläp, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hytaýa çekilen ozalky gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly bu ýurda ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-a ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şahasy boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.

Ýurduň çäginde türkmen tebigy gazynyň dördünji şaha boýunça Hytaýa ugradylýan möçberini üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzüminiň döredilmegi çözgüdi talap edilýän esasy meseleleriň biridir. Biziň hünärmenlerimiziň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhananyň, kompressor stansiýalarynyň, «Galkynyş» gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwletiň çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça gepleşikleri geçirjekdiklerine ynanýaryn diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Dördünji şahanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde, tebigy gazyň baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek zerurdyr. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň turba geçirijiniň üstünden geçýän harytlyk gazyň bahasyny kesgitlemekde dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýandygyny belledi.

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny HHR-iň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamagyna gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň