Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Si Sizinpini Türkmenistana çagyrdy

21:1006.02.2022
0
768

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde 5-nji fewralda Pekinde HHR-niň Başlygy Si Sizinpin bilen gepleşikleri geçirdi. «Türkmenportal» habarlar portalymyzda bu barada habar beripdik.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan gepleşikleriň ahyrynda taraplaryň döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Başlyk Si Szinpine türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşandy hem-de oňa goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milletiň Lideri bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň we halklaryň özara gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna täze sahypalary ýazjakdygyna ynam bildirip, HHR-iň Baştutanyny özi üçin amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyndan resmi günortanlyk nahar berildi. Günortanlyk naharyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

HHR-iň Baştutany belent mertebeli myhmanlary ýene-de bir gezek mübärekläp, hemmelere gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň