«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, Hytaýda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti şu gün – 5-nji fewralda Pekin şäherinde hytaý kärdeşi bilen duşuşdy.
Hytaý habar beriş serişdelerinde beýan edilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda HHR-niň Başlygy Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolandygyny nygtamak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda köp ugurly, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň alnyp barylandygyny belledi:
– Hytaý Halk Respublikasy hytaý-türkmen gatnaşyklaryna strategik we uzak möhletleýin nukdaýnazardan seredýär. Halkara ýagdaý nähili üýtgese-de, Hytaý Türkmenistanyň ygtybarly dosty we ynamdar hyzmatdaşydyr. Hytaý tarapy ähli taraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki halkyň bähbidi üçin konstruktik, güýçli we işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek üçin türkmen tarapy bilen işleşmäge hemişe-de taýýardyr.
Si Szinpin duşuşygyň dowamynda tebigy gaz pudagyndaky hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysady we sosial ösüşine netijeli itergi berýändigini we geljeginiň uludygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny häsiýetlendirdi. Olar, esasan-da, şulardan ybarat:
- tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaly;
- özara bähbitli we peýdaly netijeler esasynda iki ýurduň umumy ösüşini gazanmaly;
- Hytaý tarapy «Bir guşak – bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen deňleşmegini çaltlaşdyrmaly;
- aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli;
- Hytaý tarapy sanjym hyzmatdaşlygy babatda türkmen kärdeşleri bilen ýakyndan işleşmäge, güýçli immun ulgamyny bilelikde döretmäge taýýardyr;
- iki tarap hem gysga wagtda medeni merkezleriň döredilmegini amala aşyrmaly;
- Hytaý Türkmenistanda Liwan ussahanalarynyň döredilmegini goldaýar;
- iki tarap hem sebit parahatçylygyny gazanmak üçin tagallalary utgaşdyrmaly we hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli.
Türkmen Lideri duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň ygtybarly dostlar we ýakyn hyzmatdaşlardygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, iki tarapyň bilelikdäki tagallalary netijesinde soňky ýyllarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy özara bähbitlilik, deňlik we ynam esasynda has-da pugtalandyrylýar. Mysal üçin, soňky ýyllarda nebit-gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde iki ýurt üçin hem bähbitli bolan ösüş gazanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şular barada aýtmak bilen, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Olar, esasan-da, şulardan ybarat boldy:
- Türkmenistan Hytaý bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň baý mümkinçilikleri esasynda Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň D liniýasynyň gurluşygyny çaltlandyrmagy goldaýar;
- alyş-çalyş we işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeli;
- gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin, Türkmenistan Hytaý bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär;
- ýakynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa – Hytaý ýubileý sammitinde öňe sürlen teklipler esasynda, dostlukly gatnaşygy we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga taýýardyr.
Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň başga-da käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de okaň!
- Berdimuhamedow bilen Si Szinpin Pekinde duşuşyk geçirdiler
- Türkmenistanyň Prezidenti gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy