Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gyşky Olimpiýa Oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:2904.02.2022
0
6488

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň hormatly myhman hökmünde 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşandygyny hem ýatlamak ýerlikli bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň Milli stadionynda hormatly myhmanlar üçin bellenen ýere bardy. Oýunlaryň açylyş dabarasyna çagyrylan beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy bu ýere gelipdirler. Stadiona ýygnananlaryň ählisini HHR-iň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Bu ýerde türkmen Lideri gyşky Olimpiýa Oýunlarynyň açylyş dabarasyna tomaşa etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň