Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jud Lou «Kremliň jadygöýi» atly filmde Putiniň keşbini döreder

12:3313.01.2025
0
7854
Jud Lou «Kremliň jadygöýi» atly filmde Putiniň keşbini döreder
Surat: iz.ru

Britan aktýory Jud Lou «Kremliň jadygöýi» atly täze filmde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň keşbine tassyklandy. Filmde rus lideriniň syýasy işiniň irki tapgyrlary barada gürrüň berler diýip, «Deadline» neşirine salgylanýan «Daryo.uz» habar berýär.

Film italýan ýazyjysy Juliano Empoliniň 2022-nji ýylda neşir edilen adybir kitaby esasynda surata alnar.

Aktýor Lou Putiniň keşbiniň özünde garyşyk duýgulary döredýändigini boýun alyp, şeýle diýdi: «Men eýýäm taýynlyk görüp başladym, emma bu Ewereste çykana meňzeýär. Men dagyň eteginde durun, ýokary seredip pikir edýärin: «Eý, Taňrym, men nämüçin razylyk berdimkäm?».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň