Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy Adel konsertiniň yza süýşürilendigi üçin muşdaklaryndan ötünç sorady

18:4724.01.2022
0
3838

Aýdymçy zenan Adel öz muşdaklary bilen FaceTime boýunça aragatnaşyga çykdy we Las-Wegasdaky konserdiniň yza süýşürilendigi üçin muşdaklaryndan hut özi ötünç sorady. Konsert 21-nji ýanwarda geçirilmelidi, emma aýdymçynyň tutuş toparynyň koronawirus bilen kesellemegi sebäpli ol yza süýşürildi. Adel bilen söhbetdeş bolmak bagtyna eýe bolan janköýerleriň biri, söhbetdeşligiň wideosyny Instagramda ýerleşdirdi. Ol tomaşany ýatyranlygy üçin aýdymçyny «bagyşlaýandygy» we aýdymlar ýygyndysyndaky aýdymlaryň onuň janyna «şypa berendigi» hakynda aýtdy.

Muşdaklaryň ýene bir topary aglaýan Adele «Hemme zat gowy» diýip göwünlik berdiler, Nýu-Yorkly jübüt bolsa söýgüli aýdymçysyna kynçylyklara boýun egmän, geljeki tomaşa taýynlanmagy maslahat berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, 21-nji ýanwarda, Las Wegasdaky konserdiniň başlamagyna 24 sagat galanda, Adel çykyşynyň yza süýşürilendigi hakyndaky gynançly habary Instagram sahypasynda ýerleşdirdi. Aýdymçynyň täze çykyşlarynyň senesi entek belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň