Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary artýar

18:4709.11.2021
0
6609
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary artýar
Surat: mfa.gov.tm

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda ýola goýlan söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 34% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýanyň Daşary işler ministi Mihael Linhart bilen şu gün, 9-njy noýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçiren duşuşygynyň dowamyndaky çykyşyna salgylanyp, «Orient» habarlar gullugynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda wise-premýer Raşid Meredow dünýäde ýüze çykan pandemiýa garamazdan geçen 2020-nji ýylda iki ýurtduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 2,5 esseden ýokary bolandygyny belläp geçdi.

TDIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow duşuşygyň dowamynda: «Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdylanda, maýa goýum, senagat, logistika, syýahatçylyk,sanly tehnologiýalar, söwda we saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça örän uly şertlerdir mümkinçilikleriň bardyny bellemek isleýärin» diýip, türkmen-awstriýa ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürmegiň wajypdygy barada belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň baş diplomaty Raşid Meredow geljek ýyl Türkmen-Awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça TDIM-niň we Awstriýanyň Ýewropa we halkara gatnaşyklary federal ministrligiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn maksatnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň