Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy

11:0301.11.2021
2
4842

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli berýän goldawlarynyň hem-de netijeli zähmet çekmek we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin döredilýän şertleriň netijesinde Türkmenistanyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary buýsanç bilen hasabat berdiler.

Türkmenistanly ekerançylar bu möwsümde bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň «Bereketli», «Goşant» «Rowaç», «Hasylly», «Sähraýy» «Ýolöten — 3», «Watan», «Juwan», «Ýokumly», «Ýolöten — 1», «Miras» görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.

Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy «John Deere», «CLAAS», «Case» kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanyldy.

Türkmenistanda obasenagat toplumynda bir bitewi döwlet goldawy ulgamynyň döredilendigini bellemeli. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygy pudagynyň we hyzmat edýän düzümleriň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmek onuň esasy ugurlarynyň biridir.

Oba hojalyk ekinleriniň kesellere we zyýan berijilere durnukly, ýerli toprak-howa şertleriniň uýgunlaşdyrylan ýokary hilli görnüşleriniň peýdalanylmagyna ýokary hasylyň alynmagyny üpjün edýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen şu ýylda türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Ýokary derejede geçirilen örän möhüm oba hojalyk möwsümi bu borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň