Soňky habarlar

Arhiw

Miweli ülke kärhanasynyň hünärmeni gazanylan üstünlikler we gelejekdäki maksatlar barada gürrüň berdi

15:4029.09.2021
0
6277

2016-njy ýylda döredilen «Miweli ülke» hususy kärhanasy ýurdumyzyň oba hojalyk we miwedir bakja önümleriniň söwdasy ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, bu hususy kärhana meýilnamada bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdi. Diňe geçen aýyň özünde kärhana tarapyndan 19,5 tonna türkmen gawuny Birleşen Arap Emirliklerine eksport edildi. Şeýle hem «Miweli ülke» hususy kärhanasy Ekwadordan Özbegistana bananyň gaýtadan eksportyny amala aşyrdy.

Ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergide «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň hem diwarlyklary ýerleşdirildi. Kärhananyň hünärmeni Silap Hankuliýewiň gürrüň bermegine görä, şol serginiň barşynda bu hususy kärhanynyň gazanan üstünlikleri bilen birlikde, geljekde öňde goýan maksatlary açyp görkezildi.

Häzirki wagtda 50 gektar meýdany eýeleýän täze ýyladyşhananyň gurluşygynyň alnyp barylmagy kärhananyň geljekde önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen bagly öňde goýan maksatlarynyň biridir. Hünärmeniň bellemegine görä, täze guruljak ýyladyşhananyň 47 gektarynda banan, 3 gektarynda bolsa pyrtykal miwesini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky işleriň durmuşa geçirilmegi kärhana miwe we bakja önümleriniň gaýtadan däl-de, göni eksportyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, şu günler 164,5 gektar ekin meýdanyny almak boýunça resminamalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu ekin meýdanynda ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Sergide «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň diwarlyklarynda ýeralmanyň 10 görnüşi ýerleşdirilip, olaryň birnäçe görnüşi diňe tagam taýýarlamak, beýlekileri bolsa çipsileri we şuňa meňzeş önümleri öndürmek üçin niýetlenilýär.

Şeýle hem kärhana tarapyndan 10212 tonna göwrümi eýeleýän sowadyjy ammaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hünärmeniň bellemegine görä, bu sowadyjy ammary geljek ýylyň maý aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň hünärmeniniň bellemegine görä, kärhana tarapyndan geljekde ösdürip ýetişdiriljek miwedir bakja önümleri ilki bilen ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmäge gönükdiriler. Çünki kärhananyň esasy maksady içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak azyk önümlerini öndürmekden ybaratdyr. Önümleriň artykmaç bölegini bolsa goňşy döwletlere eksport etmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň