Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda — türkmen gawunlary

18:0030.08.2021
0
10138

Türkmen topragynyň datly miwesi bolan, süýjülikde deňsiz-taýsyz gawunlaryň daýhanlarymyz tarapyndan birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Şol gawunlaryň içinde iň süýjüsi, durumlylygy ýokary bolan gülaby gawunynyň ilkinji tapgyry «Miweli ülke» hususy kärhanasy tarapyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine eksport edildi. Bu gawunlar Sentýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde Dubaý şäheriniň ýaşaýjylarynyň bereketli saçagyny bezär.

Süýjüligi, ekologiýa tarapdan arassalygy bilen tapawutlanýan gawunyň bol hasyly Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýetişdirildi. Bir gektar ýerden gülaby gawunynyň 25-30 tonna golaýynyň alynmagy aýratyn bellärliklidir. Ylalaşyk esasynda kärendeçilerden satyn alnan hasyl degişli talaplara laýyklykda ýörite gaplara ýerleşdirilip ulaga ýüklenildi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gawunyň gülaby görnüşiniň durumlylygy ýokarydyr. Ol + 50 dereje sowuklykda 25 güne çenli durkuny, düzümini üýtgetmän saklanyp bilýär.

Dubaý şäherine ugradylan guwanlar Balkan welaýat gümrükhanasynyň Serdar gümrük nokady tarapyndan halkara hukuk namalarynyň talaplaýyna laýyklykda, degişli derejede resmileşdirildi. Eksport talaplarynyň ählisiniň ýerine ýetirilmegi, önüm baradaky maglumatlaryň gysgaça beýanynyň gawun ýüklenen gaplarda ýerleşdirilmegi alyjylar üçin möhümdir. Türkmen topragynyň datly bakja önüleri hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Hyzmatdaşlyk boýunça toplumlaýyn alnyp barylýan işler Türkmenistanyň dürli ugurlardaky eksport mümkinçiliginiň ýokary depgine eýe bolýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň