Soňky habarlar

Arhiw

“Miweli Ülke” kompaniýasy ýurdumyzda öndürilýän önümleriň Täjigistana ugradylmagyny ýola goýdy

16:5415.09.2021
0
6899

Ýakynda “Miweli Ülke” hususy kärhanasy tarapyndan Täjigistan döwletine, “Hoşwagt” söwda nyşanly harytlardan ybarat bolan halkara ýüküň ilkinji tapgyry iberildi. Türkmen önümleriniň Täjigistanyň bazarlaryna çykarylmagyna, şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň uly itergi berendigini aýratyn bellemek zerurdyr.

Awgust aýynyň ahyrynda bu kompaniýanyň türkmen gawunlarynyň “Gülaby” sortyndan ybarat tapgyryny Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine eksport edendigini şeýle hem Ekwadordan Türkmenistana getirilýän bananlary Özbegistan döwletine reeksport edendigini hem ýatladýarys.

Geljekde “Miweli Ülke” hususy kärhanasy türkmen önümlerini eksport etmek geografiýasyny hasam giňeltmegi, eksport edilýän harytlaryň görnüşliligini hem-de möçberini artdyrmaklygy meýilleşdirýär.

“Miweli Ülke” – Türkmenistany miwe we gök önümleri bilen iň köp üpjün edýän kärhanalaryň biridir. Kompaniýanyň miwelerini we gök önümlerini ýylyň dowamynda dükanlaryň we bazarlaryň tekjelerinde görmek mümkindir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň