Soňky habarlar

Arhiw

«Miweli ülke» sygymy ozalkysyndan 10 esse uly bolan sowadyjyly ammary gurýar

11:3103.08.2021
0
1147
«Miweli ülke» sygymy ozalkysyndan 10 esse uly bolan sowadyjyly ammary gurýar

«Miweli ülke» hususy kärhanasy tarapyndan şu günler sygymy 10 müň 212 tonna barabar täze ammaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berildi.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň gazetiň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, kärhananyň döredilen ilkinji günlerinde 1000 tonnalyk sowadyjy ammar guruldy. Häzir ol doly güýjünde işleýär. Şeýlelikde, täze ammarlaryň hem gurluşygynyň tamamlanmagy bilen «Miweli ülkäniň» sowadyjyly ammar mümkinçiligi 11 müň 200 tonnadan hem geçer.

Hususy kärhana 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň