«Miweli ülke» hususy kärhanasy eksport üçin miwe we gök önüm önümlerini hödürleýär

18:4617.08.2021
0
9703

Türkmenistanda ilaty miwe we gök önüm önümleri bilen üpjün ediji «Miweli ülke» hususy kärhanasy ekologik taýdan arassa önümleriniň – miwe we gök önüm önümleriniň köpüsini daşary ýurda eksport etmekligi meýilleşdirýär. Bu barada TSTB-niň resmi web sahypasy habar berdi.

«Miweli ülke» hususy kärhanasy iň az sargyt bilen 10 tonna garpyz, badamjan, üzüm, gawun, kädi, pomidor, hyýar bilen üpjün etmäge taýyn. Bu hususy kärhananyň aýlyk eksporty tonna çenli miwe we gök önüm önümlerini öz içine alyp biler.

Häzirki wagtda «Miweli ülke» hususy kärhanasy 50 gektar meýdanda banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmeklik üçin ýyladyşhana gurýar.

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň şu ýylyň 6-njy awgustynda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň sammitiniň çäginde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşandygy hem bellärliklidir.

«Miweli ülke» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän daşary ýurt kompaniýalary şu aşakdaky aragatnaşyk serişdeleriniň esasynda habarlaşyp bilerler:

  • E-poçta: eksport.miweliulke@gmail.com
  • Telefon belgi: +993 522 7 98 89; +993 61 22 67 80, +993 61 01 17 59
  • Salgy: Türkmenistan, Mary welaýaty, Peşanaly ýolunyň ugrundaky 33-nji jaý.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň