Turkmenportal logo
21.11.24
1959319593
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ISNA: Eýranda paýtagty Tährandan göçürmek barada maksatnama işlenip düzülýär
ISNA: Eýranda paýtagty Tährandan göçürmek barada maksatnama işlenip düzülýärSurat: Karlson-tourism.ru

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Hökümetiň ýygnagynda ýurduň paýtagtyny Tährandan göçürmek boýunça maksatnamanyň üstünde işleriň başlanandygyny habar berdi. Bu barada ISNA habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.


Habarda Pezeşkianyň maksatnamany taýýarlamak boýunça jogapkär wezipesine özüniň birinji orunbasary Mohammad Reza Arefi belländigi aýdylýar.


7-nji sentýabrda döwlet Baştutany Eýran Yslam Republikasynyň paýtagtyny Tährandan Pars aýlagynyň kenaryna göçürmek barada aýdypdy. Onuň sözlerine görä, Tähran häzir başga ýol bilen çözmek mümkin bolmadyk kynçylyklary başdan geçirýär. Eýranyň Mejlisiniň içeri syýasat boýunça komitetiniň agzasy Seýed Ruholla Musawi bi pikiriň zerur taýýarlyk işleri görülse, durmuşa geçirip boljakdygyny nygtady.