Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.
Türkmen Lideri Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Duke Markese berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edip, biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ösüşe we abadançylyga gönükdirilendigini, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.