Döwlet hyzmatlar portalynda «şahsy otaglardan» peýdalanýanlar 50 müňe golaýlady

13:1501.05.2024
0
11494

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýän taslamalaryň artmagy bu ugurda gazanylýan üstünliklere şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly özünde maglumatlary ýygnamak bilen bir hatarda, aragatnaşyk boýunça, ýagny ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary onlaýn görnüşde amala aşyrmaga, sanly ulgam arkaly raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerinde köp ýeňillikleri döretmäge, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda bu portalda jemi 500-den gowrak hyzmatlara salgylanmalar ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda 40-dan gowrak onlaýn töleglere we hyzmatlara, 270-den agdyk sanly maglumatlara, döwlet edaralarynyň 150-den hem köp web saýtlaryna, şeýle-de olaryň amala aşyrýan 50-ä golaý hyzmatlaryna salgylanmalar bar.

Her bir ulanyjy bu portalda öz «şahsy otagyny» döredip, ondaky hyzmatlardan doly derejede peýdalanyp, aragatnaşyk, jemagat hyzmatlaryna tölegleri nagt däl görnüşde töläp, jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri satyn alyp we beýleki awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlaryndan peýdalanyp bilýär. Bu usul resminamalary merkezleşdirilen görnüşde tabşyrmaga, olaryň taýýarlanylyşyna hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine syn etmäge şert döredýär.

Häzirki wagtda Döwlet hyzmatlar portalynda 50 müňe golaý «şahsy otaglaryndan» peýdalanýanlar hasaba alyndy.

Portal ulanyjylary üçin ýurduň howa maglumaty, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kurslary bilen günüň islendik wagtynda tanyşmaga we habarly bolmaga-da mümkinçilik döretdi. Ähli ýaşdaky raýatlara düşnükli, türkmen we rus dillerinde, sada hem göze gelüwli «bir penjire» Döwlet hyzmatlar portalyny ulanyjylara wagt we serişde tygşytlylygyny üpjün edýär. Bu mobil goşundysyny «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň