Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçy ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altynjy orny eýeledi

10:1327.05.2021
0
7852

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýaşlar ýygyndysynyň wekili Gaýgysyz Töräýew Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda öz agram derejesinde altynjy orny eýeledi.

73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 301 kilogram (silterlemek ― 133, iteklemek ― 168) kilogram agyrlygy eýgerdi.

Bu agram derejesinde indoneziýaly Rizki Ýuniansýah 349 kilogram agyrlyk bilen altyn, hindistanly Açinta Şeuli 313 kilogram bilen kümüş, russiýaly Geworg Serbýan 308 kilogram bilen üçünji orny eýeledi.

Başga bir ildeşimiz Bektimur Reýimow bolsa 67 kilograma çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 281 kilogram agyrlygy göterip, sekizinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň